Saud Arabystanynda peýda boljak binagärlik desgalarynyň gerimi haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Geljekde suwuň üstündäki sekizburçluk şäher peýda bolar. Gyzyl deňizde guruljak “Oksagon”, ýagny sekizburçluk diýmegi aňladýan şäher port we logistika merkezi bolup hyzmat eder.
Geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi sebäpli ýurduň ýolbaşçylary Sues kanaly arkaly ýük daşamalaryny artdyrmak isleýärler. Oskagondaky binalaryň köpüsi suwuň üstünde ýerleşer. Şeýlelikde şäheriň bir bölegi dünýäniň iň uly “ýüzýän” gurluşyna öwrüler. Bu ýerdäki desgalaryň arasynda kiçi kanallar bolar. Şeýle hem, taslamanyň awtorlary deňiz terminalyny we okeanografik gözlegler üçin merkezi göz öňünde tutupdyrlar. Mahlasy, 2030-njy ýyla çenli Oksagonyň çäginde 90 müň adamyň ýaşamagy meýilleşdirilýär. Suwuň üstündäki şäheriň esasy binalary, takmynan, 48 inedördül metr meýdany tutar. Binagärler daşky gurşaw barada-da alada etdiler – energiýa täzelenýän çeşmelerden sarp ediler.
Ogulsuraý Baýjanowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
PDF









