Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistana resmi saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi.
Ir bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärligine gül desselerini goýdy.
Soňra Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ondan soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gepleşikler geçirdi.
Resmi garşylamak dabarasynda soňra taraplar ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy syýasy, ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar. Gepleşiklerde söwda, energetika we ulag ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeklige aýratyn üns berildi.
(TDH)