Gaýybana syýahat
«My Tree House» (Meniň agaç öýüm) dünýäde çagalar üçin gurlan ilkinji «ýaşyl kitaphana» bolup, ol Singapuryň merkezi jemgyýetçilik kitaphanasynda ýerleşýär. «Meniň agaç öýüm» kitaphanasy körpejelere daşky gurşaw bilen bagly düşünjeleri bermekde, tebigy gymmatlyklara aýawly çemeleşmegi we goramagy öwretmek babatynda köp sanly kitap ýygyndysyny, sanly bilim platformalaryny we gyzykly programmalary hödürleýär. 2013-nji ýylda açylan «ýaşyl kitaphanada» energiýany tygşytlamak maksady bilen LED yşyklandyryş ulgamy ornaşdyrylyp, içki bezeginde agaç tekjeler, ýaşyl örtükli halylar ýaly ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanylypdyr.
Gapysyndan gireniňde botanika bagyny göz öňüňde janlandyrýan bu kitaphananyň içinde çüýşeden we agaçdan ýasalan birnäçe jaýjagazlar bar. Çagalar islegine görä, öýjagazlara girip ýa-da agajyň aşagynda oturyp kitap okaýarlar. Bu bolsa öwrenilýän maglumatlaryň has-da täsirli bolmagyna ýardam edýär. Kitaphanada ertekili, hekaýaly, ösümlik we haýwanat dünýäsi, daşky gurşawy goramak baradaky hem-de oýunlar we senetçilik gurallaryny ýasamagy öwredýän 45 müň töweregi kitap bar. Bu ýerde «Jadyly agaç», «Uzyn agajyň halky» ýaly ynsan bilen tokaýyň – ýaşyl dünýäniň arasyndaky baglanyşygy gürrüň berýän birnäçe meýdança bar. Kitaphananyň esasy maksady: körpe okyjylar bilen tebigatyň arasynda dostlugy döretmek, ýaşyl dünýä bolan söýgini artdyrmak hem-de gyzykly, täsirli başdangeçirmeler esasynda çagalara maglumatlary öwretmekdir. Singapurda iň köp höwes bildirilýän ýerleriň biri bolan «ýaşyl kitaphanada» çagalar kitap okamak bilen bir hatarda, wagtyny gyzykly hem peýdaly geçirýärler.