Sözi manysy bilen öwreneliň!

Dur­mu­şy te­ma­da dö­re­di­len pä­him­le­riň bi­ri bo­lan bu na­kyl­da ata-ba­ba­la­ry­myz bi­ri­ne kö­mek et­me­giň, ýag­ny ha­ýyr­ly bir iş et­me­giň al­tyn­dan gym­mat­dy­gy­ny ün­de­ýär. Bi­ri­ne ýar­dam ber­me­giň ne­ti­je­sin­de on­dan pu­la däl-de, ýag­şy di­le­ge, min­net­dar­ly­ga ga­raş­ma­ly­dy­gy be­ýan edil­ýär. Pul wagt­la­ýyn mad­dy se­riş­de bo­lup, al­kyş yn­san­lyk mer­te­be­si­ni beý­geld­ýär, ada­myň at-ab­ra­ýy­ny il içi­ne ýaý­ýar. Türk­men di­li­niň dü­şün­di­riş­li söz­lü­gin­de «Al­kyş – bi­ri­niň eden ýag­şy­ly­gy­na, adam­kär­çi­lik­li he­re­ke­ti­ne gaý­tar­gy hök­mün­de aý­dyl­ýan oňat di­leg, ýag­şy ni­ýet» di­ýlip kes­git­le­me be­ril­ýär. Bu na­ky­la ugur­daş äheň­de «Ýa­gyş bi­len ýer gö­gär, al­kyş bi­len är gö­gär» pä­hi­mi my­sal ge­tir­mek bo­lar. Türk­men halk dö­re­di­ji­li­gin­de we ýa­zuw­ly ede­bi­ýa­tyn­da hem al­kyş bi­len bag­ly bir­nä­çe ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýet­li jüm­le­dir şy­gyr se­tir­le­ri bar. Al­kyş­ly söz­ler ada­myň öm­rü­ne ömür, be­re­ke­ti­ne be­re­ket goş­ýar. Al­kyş­ly ada­myň işi ug­ru­na bo­lu­ber­ýär.