Russiýanyň wekiliýetiniň iş saparyny amala aşyrmagynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahatynda «KamAZ» kompaniýasynyň baş müdiri Sergeý Kogogin häzirki wagtda «KamAZ» tarapyndan Türkmenistanyň howa şertlerinde synag etmek üçin iki sany elektrik awtobusynyň we has çalt zarýad beriş stansiýasynyň getirilendigini aýtdy.
«Türkmenistanyň howasynda enjamlary barlamak üçin iki sany «KamAZ» elektrik awtobusy we aşa çalt zarýad beriş stansiýasy getirildi. Bu döwrebap enjamlar Ahal welaýat häkimligine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine we Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna hödürlendi» – diýip, Kogogin sözünde nygtady.
Öňdebaryjy ýük awtoulaglary bilen giňden tanalýan kompaniýanyň müdiri netijeli hyzmatdaşlygyň subutnamalarynyň biriniň hem 1982 awtoulag bilen üpjün etmek baradaky esasy şertnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bolup durýandygy dogrusynda habar berdi.
Ýeri gelende hyzmatdaş wekiliň habar bermegine görä, 2023-nji ýylda «KamAZ» kompaniýasynyň ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda hem hyzmat ediş merkezini açmagy meýilleşdirýändigini belläp geçmek bolar. Bu hyzmat ediş merkezi «KamAZ»-yň ýurdumyzdaky bäşinji merkezine öwrüler.