Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Olar erkin ykdysady zolaklary döretmek we ösdürmekde işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak okgunly ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Köp ýyldan bäri tutuş dünýäniň ykdysady jemgyýetçiligini gyzyklandyryp gelýän Bütindünýä sergilerine gatnaşmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Ine, ýene-de sanlyja ýyllardan biziň Aziýa-Ýuwaş ummanyndaky esasy hyzmatdaşymyz Ýaponiýa döwletinde Bütindünýä sergisi geçiriler.
Ýurdumyzyň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli usulda döredilen Ýumesima adasynda «Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» şygary astynda geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň «EKSPO – 2025» Bütindünýä gözden geçirilişine gatnaşmagy bu ählumumy ýagdaýa öz goşandyny goşmak bilen birlikde, eksport mümkinçiliklerini görkezmek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze gözýetimleri açýar.
Türkmenistan «EKSPO» sergilerine öň hem birnäçe gezek gatnaşdy, soňky gezek bolsa, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän sergide ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri görkezildi.
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisiniň geçiriljek wagty belli boldy. Bütindünýä sergisi Osaka aýlagyndaky Ýumesima adasynda 2025-nji ýylyň 13-nji apreli – 13-nji oktýabry aralygynda geçiriler. Bütindünýä sergisiniň binalaryny gurmak üçin 125 milliard ýen (1,1 milliard dollar) serişde göz öňünde tutulýar. Osaka şäheri EKSPO sergisini 1970-nji ýylda hem kabul edipdi. Dünýäniň 170 döwletinden wekilçilik edijek sergä 28 milliondan gowrak myhmanyň baryp görmegine garaşylýar.
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdiriler. Sergidäki Türkmenistanyň pawilýonyny ýene-de 5 ýyl ulanmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmekde hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmekde ulgamlaýyn düzümleriň döredilmegine uly üns berilýär. Şonuň üçin dürli önümçilikler ýola goýulýar.
«Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşanly önümleri dünýä bazarynda giňden mahabatlandyrmakda Bütindünýä sergilerine uly orun degişlidir.
Aýsona NURMURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.