Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlarymyza aýratyn sarpa goýulýar, sogaply-sahawatly işleriň amal edilmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine taryhy künjekde bina edilen Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulmagy hem şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň ýerleşjek ýerini kesgitlemegi halkymyzy begendirdi.
Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde baş metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Halkyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa goýulýandygyny, ruhy-ahlak ýörelgeleriň baýlaşdyrylýandygyny alamatlandyran bu waka ulus-ilimizi ýakymly duýgulara besledi.
Soňky ýyllarda Hajy Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň sebitlerinde welaýatlaryň baş metjitleri döredildi. Munuň özi ruhy dünýämizde «baş metjit» düşünjesini hem-de oňa bolan belent hormat-mertebäni döretdi.
Sebitleriň baş metjitleriniň ilki Mary welaýatynda açylyp ulanmaga berlendigini bellemeli. Bu asylly işler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda netijeli dowam etdirildi. Ajaýyp binalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda-da häzirki zamanyň ruhuna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän kaşaň metjit guruldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlan baş metjit hem şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilen welaýatyň baş metjidi ulanmaga berildi.
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda Hezreti Omar metjidiniň açylyp ulanmaga berilmegi bu ugurda alnyp barlan işleriň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Sahawatly Ahal topragynda täze baş metjidiň gurulmagy hem gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolar.
Ahal welaýatynyň baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4-si bezär we olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar. Minaralaryň içinde dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Minaralaryň birinde 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar.
Metjit gurmak halkymyzda iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Täze şäherde ajaýyp metjidi gurmak başlangyjy parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr.
Dawut ÝUSUBOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.