Hindi kino ýyldyzy Şah Ruh Hanyň 5 ýyldan soňky ilkinji filmi bolan “Pathaan” atly ekran eseri taryhy rekord goýdy. “Yash Raj Film” studiýasynyň önümi bolan 146 minutlyk bu ekran eseri prokata çykan ilkinji günde 100 “crore”, ýagny 1 milliard rupi girdeji gazanan ilkinji Bolliwud kinosy hökmünde hasaba alyndy. Häzirki wagtda prokatdan ýygnany 219,36 crore-den geçen filmde Şah Ruh Handan başga-da Dipika Padukone, Jon Abraham, şeýle-de, Dimple Kapadia, Aşutoş Rana ýaly artistler dürli keşpleri janlandyrýar. Siddhart Anandyň režissýorlyk eden kinosynyň býujeti 250 crore, ýagny 30 million dollardan gowrak çykdajy edildi. Filmiň umumylykda 100 million dollardan geçmegine garaşylýar. Soňky gezek “Zero” filminde surata düşen we 5 ýyllyk arakesme beren ýyldyz aktýor Şah Ruh Hanyň şu ýylyň dowamynda ýene-de “Jawan” hem-de “Dunki” filmleriniň ekranlara çykmagyna garaşylýar.