Niderlandlaryň Meteorologiýa instituty (KNMI) global maýylganlyk sebäpli ýurtda gyş paslynyň her ýyl ortaça bir gün gysgalýandygyny mälim etdi. KNMI-niň bu baradaky beýanatynda ýurtda 1960-1990-njy hem-de 1990-2020-nji ýyllar aralygynda temperaturanyň üýtgeýşi we gyş paslynyň sowuk geçen günleriniň sanyndaky azalyş barada maglumat berildi. Beýanatda 1960-1990 hem-de 1990-2020-nji ýyllar aralygynda ýyllyk ortaça temperaturanyň 1,1 dereje artandygy mälim edildi. Temperaturanyň ortaça artyşynyň her aý seljerilendigi we sowuk geçen gyş günleriniň sanynyň azalandygy mälim edildi.
Maglumatlar seljerilende, howanyň 4 derejeden pes bolan günleriniň sany 1960-1990-njy ýyllarda ortaça 91 bolupdyr. 1990-2020-nji ýyllarda bolsa, paslyň 63 güni 4 derejeden sowuk bolupdyr.
Beýanatda 30 ýyllyk döwürde gyş paslynyň 28 gün gün gysgalmagynyň global maýylganlyk bilen baglydygy, şeýlelikde gyşyň her ýyl 1 gün gysgalandygy mälim edildi. Şeýle hem KNMI global maýylganlyk sebäpli gyş paslynda maýyl günleriň sanynyň artmagynyň dowam etmegine garaşylýandygyny belleýär.