Boliwiýa Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň uly suw liliýasynyň eýesi hökmünde girdi. Bu liliýanyň ýapraklarynyň diametri 3,2 metrden geçýär. Seýilgähiň eýesi Tonçi Riwero Santa-Kruz şäherindäki La-Rinkona seýilgähinde tebigatyň ajaýyp täsinliginiň ösýändigini aýtdy.
– Boliwiýada dünýäniň iň uly suw liliýasynyň ösýänligi rekorddyr. Onsoň men nädip buýsanyp, tolgunyp we minnetdar bolup bilmerin?” – diýip Tonçi Riwero belläp geçdi.
Bu ýerde gürrüň “Boliwiýa Wiktoriýa” atly ösümlik barada barýar. Ol 2019-njy ýylda ýüze çykaryldy. Uzak wagtlap oňa beýleki äpet suw liliýalarynyň biridir öýdüldi, ýöne halkara barlaglary munuň aýratyn görnüşdigini anyklady.
Ullakan suw liliýalary Argentinada, Braziliýada we Paragwaýda hem ösýär.