3-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Pudagara toparyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meseleler boldy.
Mejlise gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny berjaý etmek babatda işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky işler konstitusion kadalary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk getirmek zerurlygy bilen baglylykda amala aşyrylýar.
Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň kanuny bähbitlerini halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goramagyň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler.
“Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň”, şeýle hem BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde amala aşyrylýan beýleki maksatnamalardyr taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Pudagara topar milli kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň kadalary bilen utgaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe geçirilen çäreleriň toplumy hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegine gönükdirildi.
Şeýle hem toparyň esasy wezipeleriniň hatarynda Milli hasabatlary taýýarlamak we olary Birleşen Milletler Guramasynyň komitetlerine ibermek ýaly işler bar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe birnäçe konwensiýalary ýerine ýetirmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Milli hasabatlar üçin teklipler taýýarlanyldy. Şunda Türkmenistanyň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy babatda gazanan üstünliklerine üns berildi.
Toparyň iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde bellenilişi ýaly, adam hukuklaryny goramak babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda maslahatlary, iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Pudagara toparyň mejlisinde birnäçe beýleki meselelere-de garaldy.