10-njy few­ral­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de bi­lim ul­ga­my­nyň dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň öňün­de bir­nä­çe mö­hüm we­zi­pe­le­ri goý­dy.
Hu­su­san-da, ça­ga­la­ryň döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy üçin ýo­ka­ry şert­le­ri dö­ret­mek, ýaş nes­liň te­bi­gy ze­hi­ni­ni, ukyp­la­ry­ny, ba­şar­nyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak we ös­dür­mek üçin bi­lim eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, ul­gam­la­ýyn alyp bar­mak, okuw me­ýil­na­ma­la­ry­ny, mak­sat­na­ma­la­ry, okuw ki­tap­la­ry­ny ösen hal­ka­ra tej­ri­be­si­ne la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­mek tab­şy­ryl­dy.
Or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de mu­gal­lym­la­ryň hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­mä­ge uly üns ber­mek wa­jyp­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy. Mu­gal­lym­çy­lyk kä­ri­niň ab­raý­ly we ýaş­la­ry özü­ne çe­ki­ji bol­ma­gy üçin ola­ryň zäh­met ha­ky­ny ýo­ka­ry de­re­je­de bel­le­mek ge­rek. Şeý­le hem da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň biz­de ze­rur bo­lan bö­lüm­le­ri­ni aç­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne üns çe­kil­di.