Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady, medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda çykaran 1591-nji Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby 2022-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Magtymguly etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, ýurdumyzy durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2023-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

Şeýle hem resminama bilen 2023-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda we Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda we Aşgabat şäherinde iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.

Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.