Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurluşy tassyklanyldy.
“Türkmen atlary” döwlet birleşigine:
Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;
Bilim ministrligi bilen bilelikde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalaryny halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga bermek;
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň bellenen tertipde çagyrylmagyny guramak;
Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.
***
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini we makroykdysady durnuklylygyny üpjün etmek, pudaklarda döwrebap tehnologiýalary we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny emele getirmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek, ähli sebitleri gyradeň ösdürmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.