Ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri, ga­za­ny­lan pul muk­da­ry we sa­ty­lan nus­ga­lar ba­bat­da Şa­za­da Gar­ri bi­len Gar­ri Pot­te­riň ara­syn­da­ky asu­da bäs­le­şi­gi de­ňeş­dir­me­gi do­wam et­dir­ýär. ABŞ-da Sas­seks ger­so­gy­nyň ýat­la­ma­la­ry­nyň il­kin­ji sa­tu­wy Jo­an Rou­lin­giň is­len­dik ki­ta­byn­dan öňe geç­se-de, dün­ýä de­re­je­sin­de ala­nyň­da, Gar­ri Pot­ter öň­de­li­gi eýe­le­ýär.
Şa­za­da Gar­ri­niň “Äti­ýaç­da­ky” at­ly ki­ta­by­nyň sa­tu­wy baş­lan­dan soň il­kin­ji 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da Tä­ze dün­ýä­dä­ki äh­li wer­si­ýa­la­ry (ga­ty we ýum­şak daş­lyk­da­ky ka­gyz nus­ga­la­ry, elekt­ron gör­nüş­le­ri we au­dio ki­tap­la­ry) 1,4 mil­li­on nus­ga­da sa­tyl­dy. Az sa­lym­dan göç­gün­li ýag­daý gow­şap, il­kin­ji hep­de­de ne­şir­çi­ler 3,2 mil­li­on ki­tap sa­ty­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler. Öz ge­ze­gin­de 2007-nji ýyl­da Jo­an Rou­lin­giň “Gar­ri Pot­ter we ba­ky­ýe­tiň peş­ge­şi” at­ly ki­ta­by il­kin­ji hep­de­de, tak­my­nan 10 mil­li­on nus­ga­da sa­ty­lyp­dy.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Şa­za­da Gar­ri­niň “Äti­ýaç­da­ky” at­ly ýat­la­ma­lar ki­ta­by ge­çen aýyň ba­şyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Şa­za­da Gar­ri ki­tap­da eje­si Dia­na­nyň pa­jy­ga­ly ölü­mi, maş­ga­la­sy bi­len gat­na­şyk­la­ry, gul­luk eden gün­le­ri we beý­le­ki­ler ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Ki­ta­byň ba­ha­sy 18-den 24 funt ster­ling ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär. Meş­hur ame­ri­kan žur­na­lis­ti, ýa­zy­jy­sy, Pu­lit­ser baý­ra­gy­nyň eýe­si Jon Jo­zef Mo­rin­ger Sas­seksk ger­so­gy­na öz baş­dan ge­çi­ren­le­ri­ni çe­per dil­de be­ýan et­mä­ge ýar­dam ber­di.