Senagat we tehnologiýa taýdan ösendigine garamazdan, ABŞ-da suwüsti ýel beketleri Demirgazyk Ýewropadaky ýa-da Hytaýdaky ýaly köp däl. Soňky ýyllarda bu pudaga berilýän goldawyň netijesinde bu ugra has köp maýa goýum goýulýar. “Dominion Energy Inc” kompaniýasy ýurduň Wirjiniýa ştatynda äpet ýel elektrik fermasyny döretmegi meýilleşdirýär. Hünärmenler desganyň daşky gurşawa ýetirip biljek täsirini öwrenip başladylar. Äpet desganyň guruljak ýerleri doly öwrenilenden soňra gurluşyga başlanar. Deňiz kenaryndan 44 kilometr uzakda ýerleşjek ýel bekedi toplumy 650 müňden gowrak öýi we kärhanany arassa elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Ýel bekediniň 2026-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, ýel we Gün energiýasy iň ýaýran gaýtadan dikeldilýän elektrik çeşmesi hasaplanýar. Deňizdäki ýel fermalary gaýtadan dikeldilýän energiýanyň esasy çeşmesi hasaplanýar. ABŞ-da 2030-njy ýyla çenli ýel beketlerinden alyndan elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatynyň 30 GW-a ýetirilmegi maksat edinilýär.
Häzirki wagtda ABŞ-da diňe iki sany deňiz ýel fermasy bar. “Dominion Energy Inc” kompaniýasynyň ýolbaşçylary şu onýyllygyň ahyryna çenli kömür bilen işleýän elektrik beketleriniň ählisini arassa çeşmeler bilen çalyşmagy meýilleşdirýär.
Muhammet Osmanow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
PDF









