ABŞ-da iri ýel bekedi gurlar

55

Se­na­gat we teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ösen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ABŞ-da su­wüs­ti ýel be­ket­le­ri De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa­da­ky ýa-da Hy­taý­da­ky ýa­ly köp däl. Soň­ky ýyl­lar­da bu pu­da­ga be­ril­ýän gol­da­wyň ne­ti­je­sin­de bu ug­ra has köp ma­ýa go­ýum go­ýul­ýar. “Do­mi­ni­on Ener­gy Inc” kom­pa­ni­ýa­sy ýur­duň Wir­ji­ni­ýa şta­tyn­da äpet ýel elekt­rik fer­ma­sy­ny dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Hü­när­men­ler des­ga­nyň daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­rip bil­jek tä­si­ri­ni öw­re­nip baş­la­dy­lar. Äpet des­ga­nyň gu­rul­jak ýer­le­ri do­ly öw­re­ni­len­den soň­ra gur­lu­şy­ga baş­la­nar. De­ňiz ke­na­ryn­dan 44 ki­lo­metr uzak­da ýer­leş­jek ýel be­ke­di top­lu­my 650 müň­den gow­rak öýi we kär­ha­na­ny aras­sa elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder. Ýel be­ke­di­niň 2026-njy ýy­lyň ahy­ryn­da işe gi­ri­zil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Bel­läp geç­sek, ýel we Gün ener­gi­ýa­sy iň ýaý­ran gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän elekt­rik çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. De­ňiz­dä­ki ýel fer­ma­la­ry gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň esa­sy çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. ABŞ-da 2030-njy ýy­la çen­li ýel be­ket­le­rin­den alyn­dan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň 30 GW-a ýe­ti­ril­me­gi mak­sat edi­nil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ABŞ-da di­ňe iki sa­ny de­ňiz ýel fer­ma­sy bar. “Do­mi­ni­on Ener­gy Inc” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry şu on­ýyl­ly­gyň ahy­ry­na çen­li kö­mür bi­len iş­le­ýän elekt­rik be­ket­le­ri­niň äh­li­si­ni aras­sa çeş­me­ler bi­len ça­lyş­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Mu­ham­met Os­ma­now, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.