Fewral aýynyň 6-syna Türkiýede yzly-yzyna bolup geçen ýer titremelerinde wepat bolanlaryň sany 40 müňe golaýlady. Aradan çykanlaryň arasynda “Süper Ligiň” klublaryndan “Hataýspor” toparynyň ganaly futbolçysy Kristian Atsu hem bolup, onuň wepat bolandygy resmi ýagdaýda mälim edildi. Mälim bolşy ýaly, 31 ýaşyndaky oýunçynyň ýagdaýy barada hiç zat bilnenokdy. Onuň ýakynlary we futbolçy ýoldaşlary soňky pursata çenli onuň diridigine ynanýandyklaryny aýdypdy. Ýöne olaryň ýaşaýan ýerinden futbolçynyň jansyz bedeni tapyldy. 1992-nji ýylda dünýä inen Atsu karýerasyna “Çelside” başlap, soňlugy bilen “Porto”, “Rio Awe”, “Nýukasl”, “Al-Raed”, “Witesse”, “Ewerton”, “Bornmut”, “Malaga” ýaly klublarda oýnady. Çep gyraky goragçy Gananyň milli ýygyndysynda-da 60 oýunda meýdança çykdy.

Tälimçisi Wolkan Demirelden başga kluba geçmek üçin ygtyýar alan Atsunyň 5-nji fewralda Fransiýa uçmak üçin uçar petegi hem bardy. Ýöne ol toparynyň “Kasympaşa” bilen geçiren duşuşygynda 90+7-nji minutda tapawutlanyp, hataýlylara ýeňiş getiren goly geçiripdi. Şondan soň oýunçy topardan gitmekden ýüz öwrüp Hataý şäherinde galypdy. Ol häzirlikçe Türkiýäniň çempionatynyň iň soňky goluny geçiren futbolçydyr.