Fransiýanyň çempionatynda möwsümiň 2-nji tapgyrynda PSŽ myhmançylykda “Lill” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýesi “Lill” 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Karlo Ançelottiniň ogly Dawide Ançelottiniň türgenleşdirýän “Lill” topary 21-nji minutda Hakon-Arnold Haraldssonyň goly bilen öňe geçdi. Oýnuň 84-nji minutynda Bakwanyň takyk urgusy bilen hasap 2-0 boldy. Gollaryň ikisiniň hem pasyny Oliwie Žiru berdi.

Ýöne ruhdan düşmedik Luis Enrikeniň şägirtleri 90-njy minutdan soň 2 gol geçirip, hasaby deňlemegi başardy. 90+1-nji minutda Witinýa, 90+5-nji minutda-da onuň pasy bilen Markinios tapawutlanyp, parižlileri ýeňlişden halas etdi. Agza-burna gelen ýeňşi elden gideren “Lill” utugyny 4-e çykardy.

1-nji oýunda-da 2-0-dan hasaby 2-nji ýarymda deňläp, ýeňlişden halas bolan PSŽ täze möwsüme 2 deňlik bilen başlady.

Duşuşyga “Lilliň” tälimçisiniň kakasy, şol bir wagtyň özünde PSŽ-ni bir döwürler türgenleşdiren Karlo Ançelotti hem tomaşa etmäge gelipdir.