Dünýäniň birnäçe ýurdunda sanly pul birligini döretmegiň aladasy edilýär. Esasan, Aziýa ýurtlarynyň merkezi banklary sanly pul birliklerini we blokçeýn tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar. Bu ýagdaý, esasan, has ygtybarly we çalt pul geçirimini amala aşyrmak maksady bilen ýerine ýetirilýär. Ýaponiýada bolsa sanly pul birligi synagdan geçirilip başlanjakdygy mälim edildi. Ýurduň merkezi banky aprel aýynda sanly ýen pul birligini synagdan geçirmek üçin maksatnama taýýarlanylandygyny aýan etdi. Häzirki wagtda sanly pul birligini (CBDC) kämilleşdirmek üçin işler alnyp barylýar.
Ýaponiýanyň Merkez bankynyň ýerine ýetiriji direktory Şiniçi Uçida merkezi bankyň hususy pudagyň ýolbaşçylary bilen geçirilen ýygnakda synag maksatnamasynyň hususy kompaniýalar bilen maslahatlaşylmagynyň has gowy dizaýn etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Aziýa ýurtlarynda sanly pul birligini taýýarlamakda Hytaý öňdeligi eýeleýär.
Oguljahan Babagulyýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby.
PDF









