Saçak başynda oturyp naharlanmak Gündogar medeniýetiniň bir bölegi bolup, halkyýetleriň arasynda asyrlarboýy dowam edip gelýär. Hatda bu ýörelge käbir halkyň milli däbine hem öwrülipdir. Oturgyçda oturyp, stol başynda naharlanmagyň döwrebap görülýändigine garamazdan, saçak başynda oturyp naharlanmagyň saglyk üçin has-da peýdalydygy aýdylýar.
Beýnini güýçlendirýär. Saçak başynda köplenç aýbogdaşyňy gurap oturylýar. Bu ylymda «suhasana» diýlip atlandyrylýan ýoga görnüşidir. Munda 3 iş: oturmak, iýmek we ýoga etmek (hereket) birbada amala aşyrylýar. Bu bolsa bedeniň dynç alşyny ýeňilleşdirip, aňy köşeşdirýär hem-de aşaky oňurga basyş edýär. Netijede, beden asuda ýagdaýa geçip, beýnini, ýagny akyl ýetiriş ukybyny güýçlendirýär.
Iýmit siňdirmegi ýeňilleşdirýär. Ýerde oturyp nahar iýlende saçakdaky naz-nygmatdan almak üçin biraz öňe egilýäris we iýmiti çeýnemek hem-de ýuwutmak üçin adaty ýagdaýa gaýdýarys. Yzygiderli ýerine ýetirilýän bu hereket garnyň myşsalaryny işjeňleşdirýär, aşgazan kislotasynyň bölünip çykmagyny ýokarlandyrýar hem-de iýmitiň çalt özleşmegine ýardam edýär.
Çeýeligi ýokarlandyrýar. Saçak başynda nahar iýlende dürli-dümen goýmak üçin birnäçe gezek oturyp-turmaly hem-de egilmeli bolýar. Bu bolsa myşsalaryň we bogunlaryň çeýeliginiň ýokarlanmagyna kömek edýär. Şeýle hem topugyň, dyzyň we oňurga süňklerindäki bogunlaryň kadaly hereketini emele getirip, birnäçe gaýra üzülmäniň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Gan aýlanyşyny gowulandyrýar. Aýbogdaşyňy gurap nahar iýlende garynda ýerleşýän ähli beden agzasynda ýokary derejede gan aýlanýar. Bu aşgazanyň iýmit siňdirişi üçin möhüm talaplaryň biridir. Dik durup ýa-da oturgyçda oturyp nahar iýlende bu netijäni gazanyp bolmaýar.
Ömrüň dowamlylygyny ýokarlandyrýar. Geçirilen barlaglarda oturgyçda oturyp naharlanýan adamlara görä, «goldawsyz» özi oturyp, özi turýan ynsanlaryň has uzak ýaşaýandygy ýüze çykaryldy. Munuň sebäbi ýerde oturyp naharlanylanda aşgazana iýmitiň dogry düşýändigi hem-de gowy özleşýändigi bilen düşündirilýär.
Maşgala baglanyşygyny güýçlendirýär. Saçak başynda oturyp naharlanmak saglyk üçin peýdaly taraplary bilen bir hatarda, emosional duýgularyň ösmegini hem gowulandyrýar. Ýagny saçak başyna tutuş maşgala üýşýär, hal-ahwal soraşylýar, gülşüp-degşilýär, çaý içilýär we pikir alşylýar. Bu bolsa adama ruhy taýdan lezzetli bolup, maşgala agzalaryny biri-birine ysnyşdyrýar. Maşgala mukaddesligini üpjün edýär.
Uzak wagtlap aýbogdaşyňy gurap oturmak saglyga oňaýsyz täsir edip biler, ýagny aýakda gan aýlanyşynyň haýallamagyna getirer. Şol sebäpli arasynda aýagyňy uzatmak, biraz gezim etmek maslahat berilýär.