“Siemens” Nýu-Ýorkda ýel bekedini gurar

97

Se­na­ga­tyň dür­li ugur­la­ryn­da iş alyp bar­ýan Ger­ma­ni­ýa­nyň “Sie­mens” kom­pa­ni­ýa­sy Nýu-Ýork şta­tyn­da­ky Koý­mans por­tu­nyň go­la­ýyn­da ýel­den ener­gi­ýa ön­dür­ýän esa­sy des­ga­ny gur­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Me­ýil­leş­di­ri­len des­ga­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ne­ti­je­sin­de, tak­my­nan 420 tö­we­re­gi iş ýe­ri­niň dö­re­dil­jek­di­gi we mu­nuň üçin 500 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi ma­ýa go­ýu­myň öz­leş­di­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Ne­mes bren­di­niň is­pan hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de dö­re­den “Sie­mens Ga­me­sa” şe­re­ke­ti bu ýer­de po­lat kom­po­nent­le­riň ön­dü­ril­me­gi­ni hem ýo­la go­ýar. Bu bol­sa, has köp iş or­nu­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ge­ti­rer. “Sie­mens Ga­me­sa”-nyň de­ňiz iş­le­ri bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Mark Bek­ker: “Nýu-Ýork­da tek­lip edil­ýän des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­nyň yg­lan edil­me­gi ABŞ-nyň de­ňiz­dä­ki ýel ba­za­ry­na ýol­baş­çy­lyk et­mek is­le­gi­miz­dä­ki mö­hüm ädim­dir” -di­ýip bel­le­ýär.
Mun­dan ozal kom­pa­ni­ýa 2021-nji ýyl­da Wir­ji­ni­ýa şta­ty­nyň Ports­mut şä­he­rin­de de­ňiz­dä­ki ýel tur­bi­na­ly per­le­ri önüm­çi­li­gi­ni ama­la aşy­ryp­dy.
ABŞ-da su­wüs­ti ýel ener­gi­ýa müm­kin­çi­li­gi örän ýo­ka­ry bo­lup, bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­li tas­la­ma­lar az däl.

Şat­lyk Mu­ham­met­ber­di­ýew, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.