Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pin ge­çen hep­de Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti Eb­ra­him Rai­si­ni öz ýur­dun­da ka­bul et­di. Bu Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti­niň soň­ky 20 ýyl­da Pe­ki­ne il­kin­ji ge­zek döw­let sa­pa­ry­dyr. Si Szin­pin bi­len Rai­si­niň du­şu­şy­gy Hy­ta­ýyň döw­let te­le­wi­de­ni­ýe­si ar­ka­ly gö­ni ýaý­lym­da gör­ke­zil­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Hy­ta­ýyň we Eý­ra­nyň ýol­baş­çy­la­ry sy­ýa­sat, howp­suz­lyk, yk­dy­sa­dy­ýet, me­de­ni­ýet we bi­lim pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Eb­ra­him Rai­si, Pe­ki­ne eden sa­pa­ry wag­tyn­da Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­ni Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ba­ryp gör­mä­ge ça­gyr­dy. Iki li­de­riň bi­le­lik­de ýaý­ra­dan be­ýa­na­tyn­da Hy­ta­ýyň baş­ly­gy bu ça­ky­ly­gy ka­bul et­di.
Hä­zir­ki wagt­da Täh­ran bi­len Pe­ki­niň ara­syn­da elekt­ro­ni­ka, teh­no­lo­gi­ýa, te­bi­gy baý­lyk­lar­dyr ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk­lar ös­dü­ri­lip, ýyl­lyk do­la­ny­şyk 20 mil­liard dol­la­ra deň. Eý­ran dün­ýä­dä­ki ne­bit gor­la­ry­nyň 10%-ine eýe­dir.
-Biz ýurt­la­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni güýç­len­dir­mek üçin se­bit we hal­ka­ra ara­gat­na­şyk müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­ly­dy­rys. Bu müm­kin­çi­lik­le­riň kö­pü­si he­ni­zem ula­nyl­ma­ýar. Hy­ta­ýyň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň BRIKS ýa­ly gu­ra­ma­nyň ag­za­sy bol­mak is­le­gi­ni gol­da­ýan­dy­gy bi­ziň üçin mö­hüm­dir – di­ýip Rai­si bel­le­di.
Sa­pa­ryň il­kin­ji gü­nün­de 3,5 mil­liard dol­lar­lyk 20 şert­na­ma gol çe­kil­di. Hy­taý ýüz es­se köp – 400 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­ma­ga ta­ýyn. Bu muk­dar Ys­lam res­pub­li­ka­sy­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň iki es­se­si­dir.
Iki döw­let baş­tu­ta­ny­nyň bi­le­lik­dä­ki be­ýa­na­tyn­da ýyg­jam ara­gat­na­şyk sak­la­ma­ga we Hy­taý bi­len Eý­ra­nyň ara­syn­da­ky äh­li ta­rap­la­ýyn stra­te­gi­ki hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga taý­ýar­dyk­la­ry bel­le­nil­ýär.