Ýat organizmiň maglumat saklamak we gerek wagty peýdalanmak üçin oňa salgylanmak ukybydyr. Beýni myşsalardan ybarat däl, emma ol hem türgenleşmäge ukyply. bilermenleriň aýtmaklaryna görä, ýadymyzy ýerlikli ulanyp bilmegimiz üçin beden hem aň taýdan sagdyn bolmagymyz gerek. Sport bilen meşgullanmak, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtynda suw içmek we dartgynlylykdan uzak durmak beden saglygymyza bolşy ýaly ýatkeşlige hem peýdalydyr. Beýniniň işjeňliginiň bozulmazlygy üçin wagtly-wagtynda ukynyň alynmagy zerurdyr. Her gün şol bir wagtda ýatyp, şol bir wagtda turmagy endik edinmelidir. Muňa dynç alyş günleri hem degişlidir. Uky ýetmezçiligi beýnä hem ýatkeşlige zeper ýetirýär.
Ýatkeşligiň bozulmazlygy üçin gündelik iýilýän iýmitiň düzüminden şekeriň mukdaryny azaltmalydyr. Beýnimizde millionlarça neýron bar. Beýniniň güýji neýronlaryň sanynyň däl-de, olaryň özara baglanyşygynyň ýokary bolmagyna baglydyr. Iýýän iýmitimiziň düzümindäki şekeriň aşa köp bolmagy neýronlaryň baglanyşygyna zyýan ýetirýär. Balyk ýagynyň, dürli maňyzlaryň iýmit düzüminde bolmagy beýnä oňyn täsirini ýetirýär.
Ýatkeşligi türgenleşikleriň kömegi bilen hem ösdürmek bolýar. Maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklamak üçin ýat tutulan maglumaty birinji gezek okanyňdan, göreniňden ýa-da eşideniňden soň, ikinji gezek 15-20 minut beýnä dynç berip, soň gaýtalamak, üçünji gezek 6-8 sagatdan soň, dördünji gezek 24 sagatdan soň gaýtalamak has peýdaly hasaplanýar. Maglumatlary düşünmän ýat tutmak gaýtalananda ýada düşmän hem bilýär. Ýady türgenleşdirmegiň ýumuşlary 2 topara bölmek bilen, olar görüş ýady hem-de eşidiş ýadydyr. Görmek bilen kabul edilen maglumatlaryň 65 göterimini uzak wagtlap ýatda saklamaga, diňlemek arkaly kabul edilen maglumatyň bolsa 10 göterimini ýatda saklap bolýar.
Aýna Rejepowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









