Adalarynyň sany iki esse köpeler

142

Dün­ýä­niň iň köp ada­ly ýurt­la­ry­nyň bi­ri hem Ýa­po­ni­ýa ha­sap­lan­ýar. Tä­ze ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýur­duň ada­la­ry­nyň sa­ny­nyň mä­lim bol­şun­dan iki es­se köp bo­lup bil­jek­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Hä­zi­re çen­li ýurt­da 7 müň­den gow­rak ada­nyň bar­dy­gy aý­dyl­ýar­dy. Em­ma ola­ryň sa­ny­nyň iki es­se köp bo­lup bil­jek­di­gi anyk­lan­dy. Şeý­le-de bol­sa, ýur­duň meý­da­ny­nyň gi­ňe­me­jek­di­gi bel­le­nil­di. Umu­my meý­da­ny 370 müň ine­dör­dül ki­lo­metr­den gow­rak bo­lan ýurt­da ada­la­ry sa­na­mak hem aň­sat däl. Ge­og­raf­lar res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä sa­ny 6 müň 852 bo­lan ada­la­ryň sa­ny­nyň has köp­dü­gi­ni mä­lim et­di­ler.
Ýur­duň Ge­og­ra­fi­ýa mag­lu­mat gu­ra­ma­sy­nyň hü­när­men­le­ri­niň san­ly kar­tog­ra­fi­ýa­dan peý­da­la­nyp ge­çi­ri­len ýa­zu­wyn­da je­mi 14 müň 125 ada­nyň bar­dy­gy­ny anyk­la­dy. Bu gör­ke­zi­ji hä­zir­ki­den 7 müň 273 sa­ny köp­dür.
Ýurt tu­tuş­ly­gy­na ada­lar­dan yba­rat bo­lup, köp­lenç wul­ka­nyň atyl­ma­gy ýa­ly te­bi­gy ha­dy­sa­lar bol­ýar. Ada­la­ryň kö­pü­si bol­sa wul­kan­la­ryň ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär. Örän seý­rek ýag­daý­da ýur­duň ke­nar­ýa­ka­la­ry­na go­laý ýer­ler­de um­man­dan aty­lan wul­ka­nyň çy­ka­ran lä­bi­gi­niň ne­ti­je­sin­de tä­ze ada­jyk­lar hem eme­le gel­ýär. Bu ada­lar­da ösüm­lik­ler ösüp, guş­lar hö­würt­ge­läp baş­la­ýar. Alym­lar bu ýe­re ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry­ny guş­la­ryň ge­tir­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.

Ba­har Ýu­su­po­wa, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.