Hytaýyň gündogaryndaky Anhoý welaýatyndaky Hefeýiň ýollarynda ýollarynda sürüjisiz awtobus ýolagçy gatnawyny amala aşyryp başlady. Synag taslamasynyň çäklerinde iki awtobus 15 kilometr aralykda ganaýar. Awtobusa münmek üçin ýolagçylar el telefonlaryndan öňünden ýer belletmeli bolýarlar. Tölegsiz gatnawy amala aşyrýan awtobuslar geçen ýylyň awgustynda ilkinji gezek synagdan geçirilip başlanypdy. Hünärmenler awtobuslaryň yzygiderli “öwrenýändigini” belleýärler. Bu awtobuslaryň “tejribesiniň” iki-üç ýyllyk tejribeli sürüjiniňkä barabardygy mälim edildi. Sagatda 30 kilometr tizlik bilen hereket edýän awtobuslar 12 orunlyk awtobusyň içindäki äpet ekranda ýoluň ýagdaýy görkezilýär.
Şäher awtonom sürüş tehnologiýasy innowasiýa parky ýaly “akylly” gatnaw we logistika taslamalaryny durmuşa geçirýär.
Ýurtda awtomatlaşdyrylan sürüş tehnologiýasyny kämilleşdirilmäge goldaw berilýär.
Altymyrat Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
PDF









