Dünýäniň iň köp adaly ýurtlarynyň biri hem Ýaponiýa hasaplanýar. Täze geçirilen barlaglaryň netijesinde ýurduň adalarynyň sanynyň mälim bolşundan iki esse köp bolup biljekdigi ýüze çykaryldy. Häzire çenli ýurtda 7 müňden gowrak adanyň bardygy aýdylýardy. Emma olaryň sanynyň iki esse köp bolup biljekdigi anyklandy. Şeýle-de bolsa, ýurduň meýdanynyň giňemejekdigi bellenildi. Umumy meýdany 370 müň inedördül kilometrden gowrak bolan ýurtda adalary sanamak hem aňsat däl. Geograflar resmi maglumatlara görä sany 6 müň 852 bolan adalaryň sanynyň has köpdügini mälim etdiler.
Ýurduň Geografiýa maglumat guramasynyň hünärmenleriniň sanly kartografiýadan peýdalanyp geçirilen ýazuwynda jemi 14 müň 125 adanyň bardygyny anyklady. Bu görkeziji häzirkiden 7 müň 273 sany köpdür.
Ýurt tutuşlygyna adalardan ybarat bolup, köplenç wulkanyň atylmagy ýaly tebigy hadysalar bolýar. Adalaryň köpüsi bolsa wulkanlaryň netijesinde emele gelýär. Örän seýrek ýagdaýda ýurduň kenarýakalaryna golaý ýerlerde ummandan atylan wulkanyň çykaran läbiginiň netijesinde täze adajyklar hem emele gelýär. Bu adalarda ösümlikler ösüp, guşlar höwürtgeläp başlaýar. Alymlar bu ýere ösümlikleriň tohumlaryny guşlaryň getirýändigini belleýärler.
Bahar Ýusupowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
PDF









