«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen «AD Ports Group» (Abu Dabiniň portlary) kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan wideoduşuşyk geçirildi.
Duşuşykda maslahatlaşylan meseleleriň esasysy Türkmenistanda gämileri gurmak üçin maýa goýmak meselesi boldy. Şeýle hem kompaniýa Hazar deňzinde taýýar gämileriniň hyzmatlaryny hödürleýär.
Taraplar, şeýle hem, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň konteýner terminalyny uzak möhletleýin şertlerde «AD Ports Group» toparynyň ynamdar dolandyryşyna geçirmek mümkinçiligine garadylar.
Emirlikleriň kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy türkmen tarapy bilen bilelikdäki kärhana döretmek arkaly amala aşyryp bolar.
Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk baradaky şertnama 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilendigi bellenilýär.