Türkmenistan geçen ýylda daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 30% ýokarlandyrdy diýlip, Halkara Energetika agentliginiň (HEA) hasabatynda habar berilýär.
Eksportyň artmagy ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Mary welaýatynyň gaz bilen işleýän elektrik stansiýalarynyň uly toplumynda önümçiligiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Halkara Energetika agentligi (HEA) – howpsuz we durnukly gelejegi üpjün etmek üçin dünýä döwletleri bilen energiýa syýasatyny ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlyk edýän guramadyr. ( minenergo.gov.tm)