Nor­we­gi­ýa­nyň No­bel Ko­mi­te­ti 2023-nji ýyl­da Pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­na 305 da­laş­gärň hö­dür­le­nen­di­gi­ni mä­lim et­di. Mer­ke­zi eda­ra­sy Os­lo şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Ko­mi­tet da­laş­gär­lik üçin ýüz­tut­ma­la­ryň 1-nji ýan­war­da ta­mam­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, baý­rak üçin 305 da­laş­gä­riň ýüz tu­tan­dy­gy­ny, şeý­le­lik­de, mu­nuň 2019-njy ýyl­dan bä­ri iň az san­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Soň­ky 8 ýyl­dan bä­ri baý­ra­ga da­laş­gär gör­ke­zil­ýän­ler 300-den ýo­ka­ry bol­ma­gyn­da gal­ýar. 2016-njy ýyl­da iň köp – 376 da­laş­gär hö­dür­le­nip­dir.
No­be­liň Pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­na da­laş­gär gör­ke­zil­ýän­le­riň ady we da­laş­gär­lik mag­lu­mat­la­ry 50 ýyl­lap ko­mi­tet ta­ra­pyn­dan giz­lin sak­lan­ýar. Da­laş­gär gör­kez­mä­ge hu­ku­ky bo­lan adam­lar we gu­ra­ma­lar da­laş­gär gör­ke­zen adam­la­ry­nyň at­la­ry­ny köp­çü­li­ge mä­lim edip bil­ýär­ler.
My­sal üçin, Nor­we­gi­ýa­nyň Ýa­şyl­lar par­ti­ýa­sy­nyň de­pu­ta­ty Lan Ma­rie Ngu­ýen Berg daş­ky gur­şaw ak­ti­wis­ti Tun­ber­gi we Wa­nes­sa Na­ka­te­ni 2023-nji ýyl­da­ky Pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­na da­laş­gär gör­ke­zen­di­gi­ni mä­lim edip­di.
No­be­liň pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­ny al­ma­ga my­na­syp bo­lan­la­ra şah­sy­ýet­na­ma, No­be­liň me­da­ly we 1 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar pul baý­ra­gy be­ril­ýär.
Baý­rak her ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da Nor­we­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Os­lo­da ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­da gow­şu­ryl­ýar.
“Covid-19” pan­de­mi­ýa­sy se­bäp­li 2020-nji 2021-nji ýyl­lar­da da­ba­ra ge­çi­ril­män­di. Lau­re­at­la­ra baý­rak­lar Nor­we­gi­ýa­nyň şol ýurt­lar­da­ky il­çi­ha­na­la­ryn­da ber­lip­di.