Energiýanyň arassa çeşmelerinden peýdalanmakda dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ady mälim edildi. Bu sanawda “Apple” öňdeligi eýeleýär. “As You Sow” we “Corporate Knights” barlag kompaniýasy dünýäde iş alyp barýan we energiýanyň tygşytly ulanylmagynda bäsdeşlerinden tapawutlanýan 200 kompaniýanyň sanawyny mälim etdi. “Carbon Clean 200” atly bu sanaw 10-njy gezek täzelenýär. Bilermenler soňky ýedi ýylda kompaniýalaryň bu ugurda uly öňegidişlik gazanandygy bellenilýär.
Sanawyň ýokarky basgançaklarynda ygtybarlylygy üpjün edýän ýörite şahadatnamaly telefonlary we ýan kompýuterleri öndürýän “Apple Inc.”, internet ulgamynda iş alyp barýan “Alphabet Inc.”, “Deutsche Telekom AG” we “Verizon Communications Inc.” aragatnaşyk kompaniýalary we elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan “Tesla Inc.” bar.
Hytaýyň “Agricultural Bank of China Ltd” maliýe edarasy, Taiwanyň çip önümçiligini amala aşyrýan TSMC kompaniýasy, elektronika önümlerini öndürýän “Iberdrola SA” ispan kompaniýasy we “HP Inc”, “Contemporary Amperex Technology Co Ltd” ýaly tehnologiýa kompaniýalary ilkinji onluga giripdir.
Orazgeldi Ataýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









