“Starbucks” kofehanalar zynjyry Italiýada zeýtun ýagy goşulan kofe satuwyny başlady. Italýançada “ýagly” diýmegi aňladýan “Oleato” atly kofeleriň geljek aýlarda beýleki ýurtlarda hem satuwyna başlanjakdygy mälim edildi. Zeýtun bagynda demini alan kofe taýýarlamak pikiri kompaniýanyň ýolbaşçysy Howard Şultzuň geçen ýyl Sisiliýadaky gezelenjinden kellesine gelipdir. Ol bu ýerde her gün bir çemçe zeýtun ýagyny içmek däbiniň bardygyny eşidipdir we şondan soňra kofeniň ýany bilen zeýtun ýagyny içip başlapdyr. Soňra bolsa, ýagy kofä goşup göreninde, onuň lezzetli tagamynyň bardygyny bilipdir.
Kompaniýanyň Sietldäki merkezinde içimli taýýarlamak bilen meşgullanýan topar Sisiliýada öndürilýän zeýtun ýagy bilen “Starbucks” kofesini taýýarlap görüpdir. Şeýlelikde, “Oleato” atly gyzgyn we sowuk kofeler ilki bilen kompaniýanyň Italiýadaky şahamçalarynda hödürlenip başlandy.
Bu içimlik geljek aýlarda ABŞ-da, ýylyň ahyrynda Ýakyn Gündogar ýurtlarynda, Ýaponiýada we Angliýada satuwa hödürlener.