Arassa energiýada öňdebaryjy kompaniýalar

150

Ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­mak­da dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ady mä­lim edil­di. Bu sa­naw­da “App­le” öň­de­li­gi eýe­le­ýär. “As You Sow” we “Cor­po­ra­te Knights” bar­lag kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­de iş alyp bar­ýan we ener­gi­ýa­nyň tyg­şyt­ly ula­nyl­ma­gyn­da bäs­deş­le­rin­den ta­pa­wut­lan­ýan 200 kom­pa­ni­ýa­nyň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. “Car­bon Cle­an 200” at­ly bu sa­naw 10-njy ge­zek tä­ze­len­ýär. Bi­ler­men­ler soň­ky ýe­di ýyl­da kom­pa­ni­ýa­la­ryň bu ugur­da uly öňe­gi­diş­lik ga­za­nan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Sa­na­wyň ýo­kar­ky bas­gan­çak­la­ryn­da yg­ty­bar­ly­ly­gy üp­jün ed­ýän ýö­ri­te şa­ha­dat­na­ma­ly te­le­fon­la­ry we ýan komp­ýu­ter­le­ri ön­dür­ýän “App­le Inc.”, in­ter­net ul­ga­myn­da iş alyp bar­ýan “Alp­ha­bet Inc.”, “Deutsche Te­le­kom AG” we “Veri­zon Com­mu­nications Inc.” ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry we elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan “Tes­la Inc.” bar.
Hy­ta­ýyň “Ag­ricul­tu­ral Bank of Chi­na Ltd” ma­li­ýe eda­ra­sy, Tai­wa­nyň çip önüm­çi­li­gi­ni ama­la aşyr­ýan TSMC kom­pa­ni­ýa­sy, elekt­ro­ni­ka önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän “Iberd­ro­la SA” is­pan kom­pa­ni­ýa­sy we “HP Inc”, “Con­tem­po­ra­ry Am­pe­rex Techno­lo­gy Co Ltd” ýa­ly teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry il­kin­ji on­lu­ga gi­rip­dir.

Oraz­gel­di Ata­ýew, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.