ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapar eder. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň habar bermegine görä, Blinken 28-nji fewralda Astana baryp, Gazagystanyň ýokary derejeli resmileri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşar.
Soňra Blinken ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen C5 + 1 görnüşinde (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan + ABŞ) ministrler maslahatyna gatnaşar. C5 + 1 maslahatynyň çäginde Blinkeniň bu ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen aýry-aýry duşuşyklary meýilleşdirilip, onuň gün tertibinde sebit we ikitaraplaýyn meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Astanadan soň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Özbegistanyň paýtagty Daşkende sapar eder.
Entoni Blinken 1-nji martda “Uly ýigrimiligiň” daşary işler ministrleriniň maslahatynda gatnaşmak maksady bilen Nýu-Delä sapar eder. Bu maslahat köptaraplylygy güýçlendirmek, azyk we energiýa howpsuzlygy, durnukly ösüş, neşe serişdelerine garşy göreş, global saglyk, gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklary artdyrmak, ynsanperwerlik ýardamlary we tebigy betbagtçylyklarda ýardam ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bagyşlanar.