Ýewropa Bileleşigine agza döwletler ýangyç bazarlarynda durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen, strategik gorlardan 42,6 million barrel nebiti bazara çykarmak işini çaltlandyrarlar. Bu barada Ýewropa komissary Dan Ýorgensen Lýuksemburgda geçirilen energetika ministrleriniň duşuşygyndan soň habar berdi. Germaniýa, Fransiýa we Italiýa ýaly 12 döwlet bu çäräni ýanwar aýyna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda ÝB-de dizel ýangyjynyň bahasy 1 litr üçin 2,15 ýewro ýetip, ozalkysyndan 35 göterim gymmatlady. Bu çäre Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlyk sebäpli ýüze çykan üpjünçilik bökdençlikleriniň önüni almaga gönükdirilendir.
PDF








