Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde 31-nji oktýabr – 2-nji noýabr aralygynda Pikirleriň, oýlap tapyşlaryň we täze önümleriň 78-nji halkara IENA sergisi geçirildi. Bu çärede 20-den gowrak ýurtdan we sebitden getirilen 600-e golaý oýlap tapyşlar görkezildi.

Hytaý yzly-yzyna dördünji ýyl daşary ýurt wekiliýetleriniň arasynda gatnaşyjylaryň sany boýunça birinji orny eýeläp, şu ýyl sergä 145 taslama bilen gatnaşdy we bu wekiliýet tarapyndan biolukmançylyk, ýaşyl energetika, emeli aň hem-de akylly önümçilik ugurlaryndaky taslamalar hödürlenildi.

Sergini guraýjy AFAG kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Henning Kýonike we halkara bilermenler emin agzasynyň başlygy Oliwer Maýer Hytaýyň wekiliýetiniň iň ulusy bolandygyny, hünär derejesi boýunça öňdebaryjy hatara girýändigini hem-de ýurduň senagat tehnologiýalarynyň dünýäniň möhüm meselelerini çözmekde ähmiýetini bellediler.

Hödürlenen işläp taýýarlamalaryň hatarynda adam bedeniniň çylşyrymly gan-damar ulgamynda hereket edip bilýän mikro we nanorobot, Tsinghua uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan suw joşmalaryny modelleşdirmek we çaklamak üçin dronlardan hem-de emeli aňdan peýdalanýan ulgam, şeýle hem Ýeriň çuň gatlaklaryndaky energetika serişdelerini özleşdirmek we hakyky wagtda gözegçilik saklamak üçin emeli aň ulgamy orun aldy.

Wekiliýetiň ýaş gatnaşyjylarynyň biri, bäşinji synp okuwçysy Çžan Tin signal beriji maýak, esasy stansiýa we el hereketlerine jogap berýän akylly söwda arabasyny görkezdi.

1948-nji ýylda täze işläp taýýarlamalary tanyşdyrmak we olaryň täjirçilik mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen döredilen Nýurnberg halkara oýlap tapyşlar sergisinde görkezilýän eksponatlaryň takmynan 98 göterimi köpçülige ilkinji gezek hödürlenip, olaryň arasynda daşky gurşawy goramak, energetika, ulag, elektrotehnika, maglumat tehnologiýalary, bilim we ylmy barlaglar bilen bagly täze çözgütler aýratyn orun eýeledi.