ABŞ-nyň Nýu-Gempşir ştatyndaky «Concord Public Library» kitaphanasyna 132 ýyl mundan öň – 1894-nji ýylyň sentýabr aýynda okyja berlen we wagtynda gaýtarylmadyk «The Century Illustrated Monthly Magazine» atly žurnal gowşuryldy.
Barrington şäheriniň 84 ýaşly ýaşaýjysy Jon Hanson tarapyndan getirlen bu neşir 48 müň 220 gün, ýagny 132 ýyl gijä galypdyr. Öýünde ençeme onýyllyklardan bäri saklanyp gelen bu žurnalyň öz eýesine nädip düşendigini bilmeýändigini aýdan raýat, kitaphananyň geçiren täze başlangyjy arkaly uly möçberdäki jerimeden gutulmagy başardy. Mälim bolşy ýaly, agzalan kitaphana gijä galan kitaplary jerimesiz kabul etmek maksady bilen bir ýyllyk wagtlaýyn düzgün girizipdi. Netijede, ozalky kadalara görä 12 müň dollardan gowrak jerime tölemeli boljak ýerli ýaşaýjy bu tölegden doly azat edildi.
Taryhy ähmiýeti bolan bu neşir indi adaty kitap tekjelerine goýulman, eýsem, kitaphananyň ýerli taryh bölümindäki ýörite arhiwinde saklanylýar. Hünärmenler bu waka ünsi çekip, ozal hem dünýäniň dürli künjeklerinde birnäçe asyr mundan öň alnan taryhy kitaplaryň kitaphanalara täzeden gaýtarylyp berlen halatlarynyň bolandygyny ýatladýarlar.
PDF








