Braziliýaly meşhur çep gyraky goragçy Marselo 16 ýyldan soň öz ýurduna gaýdyp bardy. 34 ýaşyndaky futbolçy karýerasyna başlan kluby “Fluminense” toparynyň düzümine goşuldy. Marselo özüniň ilkinji kluby bilen 2024-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. Doly ady Marselo Wieira da Silwa Junior bolan oýunçy Ýewropada möwsümiň ilkinji ýarymynda Gresiýanyň “Olimpiakos” klubunda çykyş edip, ol pireýlileriň düzüminde 10 duşuşykda meýdança çykypdy. 2007-2022-nji ýyllar aralygynda “Real Madridde 15 ýyllap çykyş eden Marselo ispan klubunyň düzüminde 546 oýunda 38 gol geçirdi. Ol “Real Madridde” 6-sy “La Liganyň”, 5-si UEFA Çempionlar Ligasynyň jemi 25 kubok gazandy.