Dünýäniň iň esasy futbol duşuşygy hasaplanýan “El Klasiko” futbol duşuşygy şu ýylyň dowamynda eýýäm bir gezek geçirilipdi. Ispaniýanyň Süper Kubogy duşuşygyny çägindäki şol oýunda “Barselona” köne bäsdeşini 3-1 hasabynda ýeňipdi. Iki klubuň 2023-nji ýyldaky 2-nji tutluşygy bolsa 2-nji martda, ýagny ertir gije oýnalar. Bu gezek klublar Ispaniýanyň Şa Kubogynyň çäginde ýarym finalda duşuşarlar. Bu duşuşyk Madriddäki “Santiago Bernabeu” stadionynda oýnalar. Hoze Luiz Monteronyň eminlik etjek duşuşygy Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlar.

Iki topar şu aýyň dowamynda ýene bir ýola gabatlaşarlar. “La Liganyň” çägindäki bu oýun 19-njy martda “Kamp Nouda” duşuşarlar. Kubok ýaryşynyň jogap oýny bolsa 5-nji aprelde ýene-de “Kamp Nouda” oýnalar. Mahlasy, öňümizdäki 35 günde Dünýäniň iň özüne çekiji duşuşygy bolan “El Klasiko” duşuşyklarynyň 3-si futbol janköýerlerine garaşýar.