Argentinaly super ýyldyz Lionel Messi milli ýygyndydaky topardaşlaryna, ýagny Dünýä Kubogyny gazanan ýoldaşlaryna we tälimçilerine özboluşly ýadygärlik sowgat etdi. Ol daşy altyn bilen gaplanan “Iphone 14” telefonlaryny sowgat berdi. “Indesign Gold” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Benžamen Lions super ýyldyzyň 35 sany “Iphone 14” telefonyny sargyt edendigini aýtdy. Ol: Messi diňe bir super ýyldyz däl. Ol biziň gadyrly we hemişelik müşderimiz. Çempionatdan soň biziň habarlaşyp, topardaşlaryna sowgat bermek isleýändigini, ýöne hemişekiler ýaly sagat däl-de, daşyna atlary ýazylgy, altyn çaýylan el telefonlaryndan isleýändigini aýtdy – diýip, gürrüň berdi. Lionel Messiniň şol 35 telefon üçin 175 müň funt sterling töländigi bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, Katar 2022-de Argentinanyň ýygyndysy finalda esasy we goşmaça wagty 3-3 gutaran duşuşykda penaltileriň netijesinde Fransiýanyň ýygyndysyny ýeňip, 36 ýyldan soň 3-nji gezek Dünýä Kubogyny gazanypdy.