10-njy martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilýän möçberiniň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt bazarlarynda türkmen elektrik energiýasyna islegleriň yzygiderli artmagy bilen baglylykda, goşmaça energiýa kuwwatlyklaryny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň hem-de türkmen elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň we eksport ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulýan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.