Eýranyň we Saud Arabystanynyň häkimiýetleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada ylalaşdylar. Taraplar iki aýyň içinde ilçihanalary açmagy meýilleşdirýärler. Bu barada 10-njy martda “Tasnim” gullugy habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, birnäçe gün bäri Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ali Şamhani we onuň saud arabystanly kärdeşi Pekinde gepleşik geçirýär. Netijede, üç taraplaýyn beýannama kabul edildi. Tähran bilen Er-Riýad diplomatik gatnaşyklaryny täzeden ýola goýmak we iki aýyň içinde ilçihanalary açmak barada ylalaşdylar.

Resminamada bellenip geçilişi ýaly, gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky gutarnykly şertnama Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen, şeýle hem 2021-nji ýylyň aprelinde Tähran we Er-Riýad üçin gepleşik meýdançasyna öwrülen Oman we Yragyň araçyllygy arkaly gazanyldy.