Rafael Grossi IAEA-nyň baş müdiri wezipesine ikinji möhlete saýlandy

129

Halkara atom energiýasy boýunça agentligiň (IAEA) dolandyryjylar geňeşi häzirki baş müdiri Rafael Grossini ikinji möhlete saýlady.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Wenadaky halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekili Mihail Ulyanow “Twitter”-de habar berdi.

-IAEA-niň dolandyryjylar geňeşi jenap Rafael Mariano Grossini 2027-nji ýylyň 2-nji dekabrynda tamamlanýan ikinji möhlet üçin agentligiň baş müdiri edip belledi – diýip, Ulýanow belledi.