Bölek söwda bilen meşgullanýan “Amazon” kompaniýasynyň eýeçilik edýän “Zoox’ şereketi hiç hili dolandyryjy enjam oturdylmadyk, özbaşdak hereket edýän taksisini ýol hereketine açyk ýollarda synagdan geçirip başlady. San Fransisko şäheriniň ýollarynda başga-da birnäçe kompaniýa öz ulaglaryny synagdan geçirilýär. Häzirlikçe robot taksi hepdäniň ahyrynda we gündizine synagdan geçirilýär. Ulag diňe howanyň gowa wagty işleýär.
Soňky ýyllarda bu ugurda uly öňegidişlik gazanyldy. Eýýäm käbir kompaniýa awtomatlaşdyrylan ulaglaryň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Şu ýylyň ahyrynda “General Motors”-yň eýeçilik edýän “Cruise” kompaniýasynyň “Origin” atly sürüjisiz ulagynyň köpçülikleýni önümçiligine başlanmagyna garaşylýar. “Zoox” hem-de “Origin” ulaglary gurluş taýdan bir-birine örän meňzeş. Bu iki ulagda hem sürüji üçin hiç hili orun göz öňünde tutulmandyr. Bilermenler bu ulaglaryň köp ilatly şäherlerde ýol dyknyşygyny aradan aýyrmakda peýdaly boljakdygyny belleýärler.
Nurmuhammet Penaýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









