19-njy mart­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow döw­let sa­pa­ry bi­len Ka­tar Döw­le­ti­ne ug­ra­dy.

Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry ug­rat­dy­lar.

Ho­wa men­zi­lin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ka­tar Döw­le­ti­niň ýur­du­myz­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň we­ki­li bi­len bo­lan söh­bet­deş­lik­de ta­rap­la­ryň hoş­ni­ýet­li er­ki­ne we köp­ýyl­lyk gat­na­şyk­la­ry ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn gy­zyk­lan­ma­la­ry­na esas­lan­ýan türk­men-ka­tar gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li we iş­jeň hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di.

Dip­lo­mat döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň sa­pa­ry­nyň şow­ly bol­ma­gy­ny ar­zuw edip, Do­ha şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek gep­le­şik­le­riň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka öw­rül­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di we Ka­tar­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, iki ýur­duň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1996-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da ýo­la go­ýul­dy. Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gin­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ra we gep­le­şik­le­re mö­hüm orun de­giş­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Ka­tar Döw­le­ti­niň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­la­ryň bir­nä­çe­si ama­la aşy­ryl­dy.

Ge­çen ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ka­ta­ryň Emi­ri Şeýh Ta­mim bin Ha­mad Al Ta­ni­niň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça dost­luk­ly ýurt­da bol­dy. Do­ha şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de iki ýur­duň uzak möh­let­le­ýin esas­da ýo­la go­ýul­ýan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry be­ýan edil­di. Şeý­le-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ka­tar­da ge­çi­ri­len fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň oýun­la­ry­nyň bi­ri­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de to­ma­şa et­di.

Bu ge­zek­ki döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Do­ha şä­he­rin­de ýur­du­my­zyň Ka­tar Döw­le­tin­dä­ki il­çi­ha­na­sy­nyň açyl­ma­gy­nyň me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­me­li. Mu­nuň özi iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň 2022-nji ýy­lyň 9-njy de­kab­ryn­da bu ugur­da de­giş­li Per­ma­na gol çe­ken­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Iki sa­gat­dan gow­rak wagt­dan soň­ra, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Ka­ta­ryň paý­tag­ty­nyň iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len “Ha­mad” Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň gel­me­gi my­na­sy­bet­li Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zül­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy dost­luk­ly ýur­duň res­mi adam­la­ry gar­şy­la­dy­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ho­wa men­zi­lin­den sa­par ma­ha­ly özi üçin ni­ýet­le­nen ka­bul­ha­na ta­rap ug­ra­dy.

20-nji mart­da Do­ha şä­he­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-ka­tar gep­le­şik­le­ri ge­çi­ri­ler. Ola­ryň do­wa­myn­da hä­zir­ki ýag­daý­lar we bar bo­lan müm­kin­çi­lik­ler na­za­ra al­nyp, hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry kes­git­le­ner.

Türk­me­nis­tan we Ka­tar dür­li ugur­lar­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak we onuň dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek hem-de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ägirt uly se­riş­de­le­re eýe­dir­ler. Ener­ge­ti­ka ul­ga­my, söw­da, ma­ýa go­ýum, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­gam­la­ry, işe­wür to­par­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň işi­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir. Onuň no­bat­da­ky mej­li­si­ni şu ýyl Aş­ga­bat­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ra mö­hüm äh­mi­ýet ber­mek bi­len, Türk­me­nis­tan we Ka­tar halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­nyň, dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lan yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­ga döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ug­ry hök­mün­de äh­mi­ýet ber­ýär. Şeý­le-de bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk, sag­ly­gy go­ra­ýyş ugur­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak üçin oňyn müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li. Türk­men-ka­tar gat­na­şyk­la­ry köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň we beý­le­ki ab­raý­ly dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär.