Şu gün, 20-nji martda Dohada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dohada bolýan türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada iki ýurduň baýdaklary galdyrylyp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň ýokary derejesine ünsi çekdi.
Soňra ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagy kesildi. Bu ýerde diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.
Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.
Ýeri gelende bellesek, 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Kataryň diplomatik wekilhanasy açyldy.
Ýakyn Gündogaryň bu ýurdunda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak meselesi hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Katara amala aşyran saparynyň çäginde Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylypdy. Şondan birnäçe gün soňra – 9-njy dekabrda bolsa döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletinde Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak hakynda Permana gol çekdi.
Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň bäşisi amala aşyrylyp, olaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny öz içine alýan netijeli gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň möhüm halkara meseleler boýunça köp babatda garaýyşlary laýyk gelýär. Bu günki gün biziň ýurtlarymyz daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary giňeldip, oňyn syýasy dialogyň dowam etdirilmegi ugrunda çykyş edýärler.