Günorta Koreýanyň häkimiýetleri dünýäniň iň uly tomaşa çarhynyň gurluşygynyň taslamasyny hödürlediler. Onuň esasy aýratynlygy, attraksionyň gurluşynda adaty spisa görnüşindäki daýanjynyň bolmazlygydyr. Çarh Seulyň Mapho-ru etrabynyň Hanyl seýilgähinde ýerleşer diýip, “HypeBeast” neşiri habar berýär.
Taslama görä, gurluşyň beýikligi 180 metr bolar – bu şunuň ýaly daýançsyz çarh üçin rekorddyr. Attraksion aýnadan we metaldan ýasalar. Ol penjiresi giň aýnaly kabinalaryň ýerleşýän bitewi halka turbasy görnüşinde bolar. Çarh jemi 36 wagondan ybarat bolup, olaryň hersi 25 adama niýetlenendir.
Taslamanyň awtorlary bu ýeri diňe bir güýmenje üçin däl, eýsem medeni ýer hem etmegi göz öňünde tutýarlar. Bu ýere gelýänler Nanjidonyň taryhy bilen tanşarlar. Ozal bu ýer dünýäniň iň uly zir-zibil dökülýän ýerleriniň biridi. Indi meýdança bäş dürli tematik seýilgähi bolan ekologiki toplum bar. Gurluşygy 2025-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär, oňa 411 million dollar bölnüp berler.