Ýurdumyzda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawy 26-njy martda geçiriler. Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, şu günler saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Jemgyýetimiziň durmuşynda demokratik kadalary berkarar etmegiň esasy şertleri – giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri, hemişe bolşy ýaly, şu gezekki saýlaw möwsüminiň hem esasy ugurlary bolup durýar. Parlamentiň deputaty, ýerli häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekili hukugyna eýe bolmaga halkymyzyň mynasyp wekilleri – watandaşlarymyzyň hormatyndan we abraýdan peýdalanýan adamlar dalaş edýärler.
Ýurdumyzyň çakylygy bilen saýlaw möwsümine syn etmäge GDA-dan synçylar topary gelip, 8-nji martda öz işine başlady. Toparyň düzüminde GDA gatnaşyjy döwletleriň merkezi saýlaw toparlarynyň, Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentleriniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bar. Toparyň esasy wezipesi saýlaw möwsüminiň milli kanunçylyga laýyklygyna baha bermekden, erkin we demokratik saýlawlary geçirmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Şeýlelikde, halkara synçylar saýlawlaryň guramaçylyk derejesine hem-de ýurtda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine baha bererler. Saýlawlaryň erkinlik we demokratik ýagdaýda geçmegini üpjün ederler. Toparyň agzalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmek üçin ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrdylar. Olar ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, okrug saýlaw toparlarynda duşuşyklary geçirdiler, saýlaw möwsüminiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, birnäçe saýlaw uçastoklaryna baryp gördüler. Umuman, toparyň wekilleri saýlaw toparlarynyň agzalarynyň taýýarlyk derejesine we saýlaw uçastoklarynyň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, halkara synçylar üçin medeni maksatnama taýýarlandy. Olar Aşgabadyň gözel künjeklerine, muzeýlerine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklere, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler, «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýerleşýän we ýokarda ady agzalan sanawa girizilen taryhy ýadygärlikleri synladylar. Umuman aýdylanda, synçylar toparynyň üstünlikli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredildi.
Şeýle hem ýurdumyzda 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň barşyna baha bermek üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň toparynyň agzalary türkmen paýtagtyna geldiler. Saýlawlary guramak boýunça tejribe alyşmak, hukuk kadalaryny hem-de halkara iş tejribesini öwrenmek bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Dalaşgärleriň hatarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndan ýokary hünärli işgärler, dürli hünärleriň wekilleri bar. Saýlawlarda dalaşgärlere deň derejedäki hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Ähli dalaşgärler erkin we deňhukukly esasda hödürlenip, olary hödürlemek, bellige almak işleri milli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, açyklyk häsiýetine eýe boldy. Ähli ýerde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda dalaşgärler saýlawçylary özleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem dalaşgärler sowallara jogap berip, saýlawçylaryň tekliplerine aýratyn üns çekdiler. Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk başarnyklary, olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdylar. Maksatnamalarda beýan edilýän meýilnamalaryň esasy many-mazmuny ýurdumyzyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmekden, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Geçen hepde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy. Kodekse laýyklykda, bu çäre, ozaly bilen, uzak möhletleýin iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän raýatlar, saýlawlar gününde dürli sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip, mynasyp dalaşgär üçin ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin göz öňünde tutulandyr.
Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ygtybarly binýat bolup durýan demokratik özgertmeleriň ýolunda nobatdaky möhüm syýasy çäre bolar.
Annaberdi Annaberdiýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.