2019-njy ýylda «Volkswagen» kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanan «Ford» kompaniýasy bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Ýewropada öndüren ilkinji elektroulagyny tanyşdyrdy. «Explorer» atly ýolsuz ýerden ýöreýän ulagyň bir gezekki zarýady bilen 348 hem-de 536 kilometr ýol geçip bilýän iki nusgasy bar. «Volkswagen»-iň platformasynda gurlan model 25 minutda 80 göterime çenli zarýad alýar. Ýewropa bazary üçin işlenip taýýarlanan ulag Germaniýada işlenip düzülipdir. Geljek ýyl müşderilere ýetiriljek ulagy Ýewropanyň dürli ýerindäki 500 müň zarýad beriş nokadynda kuwwatlandyryp bolar. Köln şäherinde öndüriljek ulagyň içki dizaýny ösen multimediýa ulgamy bilen üpjün edilipdir. Amerikan kompaniýasy 2030-njy ýyldan başlap, Ýewropada diňe elektroulag satmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda «Volkswagen» we «Ford» kompaniýalary birnäçe ulagy bilelikde öndürýär.
Eziz ÇARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.