«Nueva Pescanova» atly balykçylyk kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup, osminoglary ösdürip ýetişdirýän fermany gurmagy meýilleşdirýär. Ispaniýanyň Kanar adalarynda guruljak ferma iýmitlik maksady bilen her ýyl bir million deňiz jandaryny ösdürip ýetişdirer. Häzire çenli balyk, krokodil ýaly dürli jandarlary ösdürip ýetişdirýän fermalar gurlan hem bolsa, osminoglaryň köpeldilýän fermasy gurulmandy.
Dürli usullar arkaly tutulýan osminoglar, esasan, Ortaýer deňziniň kenarýaka ýurtlarynda, Aziýada we Latyn Amerikasynda sarp edilýär. Bu jandarlary köpeltmegiň usuly birnäçe ýyldan bäri öwrenilýärdi. «Nueva Pescanova» ABŞ, Günorta Koreýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlara eksport etmek üçin her ýyl üç müň tonna harytlyk osminog ýetişdirer.
Altynaý AMANGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









